Aşgabatda 2026-njy ýylyň 14–15-nji dekabrynda «Ylym. Tehnologiýalar. Hyzmatdaşlyk» şygary astynda geçiriljek «Turkmen Energy» (TESC 2026) halkara ylmy-amaly maslahaty energetika pudagynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de halkara tejribesini alyşmak boýunça möhüm meýdança öwrüler. Bu barada çäräni gurnaýjylar habar berdi.
Maslahat döwlet edaralarynyň, iri energetika kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini jemläp, energetika pudagynyň häzirki ösüş meýillerini hem-de geljekki ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.
Forumyň maksatnamasy strategik plenar mejlisleri, ylmy-tehniki sessiýalary, ugurdaş tegelek stollary, tehnologiýa tanyşdyrylyşlaryny we bilermenler duşuşyklaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylar sanly özgertmeler, emeli aňyň önümçilige ornaşdyrylmagy, nebitgaz ýataklaryny netijeli özleşdirmek, metan zyňyndylaryny azaltmak, innowasiýalary maliýeleşdirmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahatyň açylyşynda geçiriljek «Türkmenistanyň energetika geljegi: ylmyň, tehnologiýalaryň we halkara hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly plenar mejlisde milli energetika toplumynyň ylmy-tehnologik kuwwatyny pugtalandyrmak, innowasion çözgütleri önümçilige ornaşdyrmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berler.
Şeýle hem TESC 2026-nyň çäklerinde innowasion tehnologiýalaryň sergisi, B2B we B2G görnüşindäki işewürlik duşuşyklary geçirilip, ylmy edaralaryň, energetika kompaniýalarynyň we tehnologik biznesiň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny ýola goýmak üçin amatly şertler dörediler.
TESC 2026 Türkmenistanyň energetika pudagynda ylmy barlaglary ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň nobatdaky möhüm tapgyry hökmünde çykyş eder.







