GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden «BND 60/90» ýol bitumyny satyn aldylar
18.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 17-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda jemi 347 310 000 manat we 947 250 ABŞ dollary möçberinde 5 geleşik baglaşyldy. Ýerli telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «BND 60/90» kysymly şepbeşik nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň arassalanmadyk glisirrizin turşusyny satyn almak boýunça hem geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda owganystanly telekeçiler türkmen işewürlerinden birinji hilli arassalanan pagta ýagyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri bolsa nah çig matany satyn aldylar.