GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebitçi» toparynyň woleýbolçy zenanlary Türkmenistanyň çempiony boldular
16.11.2026

Noýabr aýynyň 9-13-i aralygynda Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy zenanlardan düzülen woleýbol toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň birinjiligini geçirdi. Ýaryşda birinji orny Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» topary eýeledi.

Ýaryşa alty topar gatnaşdy — Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» topary, Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» topary, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» topary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» topary we Balkan welaýatynyň «Balkan» topary.

Ýaryşyň netijelerine görä, ikinji orny Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary eýeledi. Üçünji orna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» topary mynasyp boldy.