GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň polipropileni hepdäniň esasy harydy boldy
16.11.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 9-njy noýabrdan 14-nji noýabra çenli geçirilen söwdalaşyklaryň barşynda ýerli işewürler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berýär.

Nebithimiýa önümleri boýunça geleşikler hepdäniň alty söwda gününiň dördüsinde — 9-njy, 10-njy, 12-nji we 14-nji noýabrda baglaşyldy.

Daşarky bazarda Latwiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri pagta ýagynyň çökündisiniň çig ýagly turşulygyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri birinji hilli bugdaý unyny we nah ýüplügini, Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini, Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri nah çig matasyny, Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köki we kök baldaklaryny satyn aldylar.

Içerki bazarda, polipropilenden başga-da, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň birinji hilli bugdaý uny, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň pagta ýagy, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň pagta üptügi we Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň aýna bankalary satyldy.