Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 14-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda ýerli telekeçiler içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserninden «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn aldylar. Jemi 6 million manada deň bolan geleşik baglaşyldy.
Polipropilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda öndürilýän nebithimiýa önümidir. Ondan gaplama, plýonka, turbalar, dürli gaplar we beýleki köpsanly harytlar öndürilýär. Şonuň üçin bu polimer ýerli öndürijileriň arasynda ýokary islege eýedir.







