3 — 6-njy noýabr aralygynda Awstraliýa Bileleşiginiň Pert şäherindäki Merdok uniwersitetinde Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň «Emeli aň döwründe uniwersitetleriň gymmaty» atly 17-nji Baş maslahaty geçirilýär. Oňa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektorlary gatnaşýarlar.
Maslahat dünýäniň köp ýurtlaryndan bilim we ylym ulgamynyň wekillerini, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny hem-de halkara hünärmenleri bir ýere jemledi. Foruma gatnaşyjylar ýokary bilimiň ösdürilmegini, emeli aňyň we innowasion tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyny, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uniwersitetleriň eýeleýän ornuny, şeýle hem halkara akademik hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Assosiasiýanyň Baş sekretary doktor Iligiýe wan’t Land guramanyň 2023 — 2026-njy ýyllarda alyp baran işi barada hasabat bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdebi Uniwersitetleriň halkara assosiasiýasynyň agzasydyr.
Saparyň çäklerinde maslahatyň maksatnamasyna laýyklykda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilip, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary kesgitlenildi. Maslahata gatnaşmagyň milli bilim ulgamynyň bäsleşige ukyplylygy, öňdebaryjy daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, talyplaryň we mugallymlaryň akademik hereketliligi, şeýle hem bilelikdäki ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin peýdaly boljakdygyna garaşylýar.







