GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň biržasynda nebit we dokma önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
05.11.2026

Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda 4-nji noýabrda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyñ nebitgaz toplumynyñ önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Owganystanyñ işewür toparlarynyñ wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Şeýle hem daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniñ (BAE) telekeçileri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini, Gyrgyz Respublikasynyñ telekeçileri nah matany satyn aldylar. Azerbaýjan Respublikasynyñ işewürleri bolsa türkmen telekeçileri bilen polifabrikant ranfors nah matasyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Pagta süýümi içerki bazarda hem ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 6 160 000 manada we 2 283 147,50 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.