GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan durnukly energetikany ösdürmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär
05.11.2026

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistanyň bu gurama bilen durnukly energetika, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň geljek ýylda SEforALL-yň Ählumumy forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu çäräniň halkara dialogy giňeltmekde we durnukly energetikany ösdürmegiň ählumumy gün tertibini ilerletmekde ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga we durnukly energetika ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ony anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi