GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan durnukly we innowasion şäherleri ösdürmegiň halkara tejribesine goşulýar
03.11.2026

Aşgabatda 3-nji noýabrda gurluşyk, senagat we energetika pudaklaryna bagyşlanan CIET 2026 halkara maslahaty we sergisi açyldy. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Abdulla Geldiýew maslahatyň çäginde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli «Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygy, howpsuzlygy, durmuşa ukyplylygy we ekologik durnuklylygy» atly tegelek stolynda Türkmenistanyň döwrebap şähergurluşyk ulgamyndaky tejribesi we ileri tutulýan ugurlary barada çykyş etdi.

Çykyşda häzirki zaman şäher ösüşiniň diňe bir täze binalaryň we inženerçilik desgalarynyň gurluşygy bilen çäklenmän, eýsem, binagärlik, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmä esaslanýandygy bellenildi.

Türkmenistanda şäher gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk pudagynyň tehnologik mümkinçiliklerini giňeltmek we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak milli ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Bu ugurdaky işler Aşgabat şäheriniň ösüşinde hem-de «akylly» şäher ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheriniň mysalynda aýdyň görünýär.

Bellenilişi ýaly, Arkadag şäheri häzirki zaman şähergurluşygynyň täze nusgasy bolup, onda sanly dolandyryş ulgamlary, akylly ulag çözgütleri, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we döwrebap kommunal hyzmatlar özara utgaşdyrylýar. Bu taslama Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm tapgyr bolup, innowasion tehnologiýalary giňden ulanmak üçin täze mümkinçilikleri döretdi.

Maslahatda Aşgabat şäherini ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynyň, şol sanda «Aşgabat – 2045» strategiýasynyň çäklerinde şäher infrastrukturasyny kämilleşdirmek, sanly dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we döwrebap ýaşaýyş gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda ýerli çig mal serişdelerinden netijeli peýdalanmak, gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ösdürmek, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Milli kärhanalaryň iri infrastruktura taslamalaryna gatnaşmagy içerki önümçilik mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge we hünärmenleriň tejribesini artdyrmaga ýardam berýär.

Çykyşda şäherleriň durnukly ösüşiniň diňe bir täze desgalaryň gurulmagy bilen däl, eýsem, olaryň uzak möhletleýin netijeliligi, energiýa we suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, ekologiýa taýdan jogapkärli gurluşyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy bilen hem kesgitlenýändigi nygtaldy.

Bu ugurlar Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň, aýratyn-da, şäherleri we ilatly ýerleri açyk, howpsuz, durnukly hem-de ekologik taýdan amatly ösdürmäge gönükdirilen 11-nji maksady bilen sazlaşýar.

Türkmenistanyň halkara guramalar, maliýe düzümleri, öňdebaryjy kompaniýalar we maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Energiýa netijeli gurluşyk, döwrebap gurluşyk serişdeleri, akylly infrastruktura, sanly şäher dolandyryşy, suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamlary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.