Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramasynyň gurnamagynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde talyp gyzlar üçin “Maşgala mukaddesligi we zenan gözelligi” atly brifing duşuşygy geçirildi. Çärä uniwersitetiň mugallymlary gatnaşdylar. Talyp gyzlar üçin muzeýe gezelenç hem guraldy. Bu barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti habar berýär.
Sorag-jogap görnüşinde geçen brifing duşuşygynda talyp gyzlar türkmen ene-mamalarymyzdan miras galan, nesilden-nesle geçip gelýän keşdeçilik we halyçylyk sungaty bilen içgin tanyşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, asyrlar aşyp gelýän däp-dessurlarymyzy we halk el hünärlerimizi öwrenmäge, olary ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri gyz-gelinleriň el hünärine aýratyn sarpa goýup gelýär: keşdeçilik, tikinçilik, halyçylyk, gaýma gaýamak ýaly senetler enelerimizden gyzlaryna geçip, şu günlerimize gelip ýetdi.
Talyp gyzlaryň we ýaş zenanlaryň şol däpleri dowam etdirmegi, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, tikinçilik we dürli el işleri bilen meşgullanmagy, milli nagyşlary öwrenmegi hem-de döredijilik ukyplaryny açyp görkezmegi möhümdir.







