GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Kawasaki kompaniýasy Türkmenistanda gazhimiýasy pudagynda täze taslamalara umyt baglaýar
03.11.2026

Ýaponiýanyň Kawasaki kompaniýasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalamagy maksat edinýär we gazhimiýasy pudagynda täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine umyt baglaýar. Bu barada kompaniýanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Tomohiro Takasina 3-nji noýabrdan 5-nji noýabra çenli Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän CIET 2026 halkara sergisinde habarçymyza aýtdy.

Söhbetdeşiň sözlerine görä, takmynan 20 ýyl ozal Kawasaki Türkmenistanda sement zawodyny gurdy. Soňra kompaniýa Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän dökün zawodyny bina etdi. 2019-njy ýylda Owadandepede gazdan benzin öndürýän zawod guruldy.

Kawasaki kompaniýasynyň wekiliniň belleýşi ýaly, kompaniýa ýurtda işini dowam etdirýär: häzir ol "Türkmenhimiýa" döwlet konserni bilen bilelikde öz zawodlarynyň durnukly işlemegini üpjün edýär.

Türkmenistan gazdan benzin (GTG) öndürýän ikinji zawodyň gurluşygyna taýýarlyk görýär. Daniýanyň Topsoe tehnologiýa kompaniýasy bu taslamany ilerletmek maksady bilen Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries kompaniýasy we «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.