GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
OGT 2026 halkara forumy dünýä köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde boldy
30.10.2026

Aşgabatda 21–23-nji oktýabr aralygynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) 31-nji halkara maslahaty we sergisi dünýä metbugatynda giňden şöhlelendirildi. Täze gaz ugurlary, Hazar sebitiniň maýa goýum mümkinçilikleri hem-de iri halkara ylalaşyklar baradaky temalar Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Malaýziýanyň we Owganystanyň öňdebaryjy neşirleriniň ilkinji sahypalarynda öz beýanyny tapdy.

Çäräniň çäklerinde gazanylan amaly netijeler we gol çekilen resminamalar toplumy halkara seljerijileriň aýratyn ünsüni çekdi. Russiýanyň habar beriş gulluklary Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hyzmatdaşlygy we Hazarüsti gaz geçirijisiniň geljegini jikme-jik şöhlelendirdiler. Şeýle hem Türkmenistanda ilkinji ýerasty gaz saklaýjysyny gurmak meýilleri köpçülikleýn habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň köpçülikleýin habar serişdeleri Hazar deňzindäki gözleg-agtaryş işlerini we önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyklary esasy tema hökmünde öňe sürdüler. Sebit ýurtlarynyň metbugaty bolsa energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerine üns berdiler: Gazagystan Respublikasynyň neşirleri «Orta Aziýanyň gaz halkasy» taslamasyny, Türkiýe Respublikasynyň žurnalistleri «BOTAŞ» kompaniýasynyň wekiliniň Ýewropa gazy üstaşyr geçirmek boýunça çykyşyny, Owganystanyň metbugaty bolsa Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy barada habar berdi.

Malaýziýanyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) 31-nji halkara sergisinde ilkinji gezek öz milli pawilýonyny açmagy we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Akmal Nasrulla Mohd Nasiriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagy Günorta-Gündogar Aziýada uly seslenme döretdi. Çäräniň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Malaysia Petroleum Resources Corporation» (MPRC) arasynda ylmy-barlag, tehnologiýa we hünärmenleri taýýarlamak boýunça Ähtnama gol çekildi.

OGT 2026-nyň tehnologik bölümi sanlylaşdyrmak we innowasiýalar bilen tapawutlandy. Emeli aň (AI) tehnologiýalary, ALI adamşekilli robotynyň tanyşdyrylyşy hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak baradaky başlangyçlar daşary ýurt metbugatynyň ünsüni çekdi. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemleýji synlarynda OGT 2026-nyň «Galkynyş» känini özleşdirmekden başlap, global eksport düzümine çenli ähli möhüm ugurlary gurşap alandygy bellenildi.