Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI-a Toledo welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Arkadagly Gahrryman Serdarymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi







