Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň topary şu ýylyň 17 — 22-nji sentýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sianyň nebit uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary geçdiler. Okuw nebitgaz pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça halkara akademik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde guraldy.
Bellenilişi ýaly, bu sapar 2024-nji ýylyň oktýabrynda Sianda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň we 2026-njy ýylyň aprelinde Aşgabatda ýöriteleşdirilen «Lu Ban ussahanasynyň» açylmagynyň dowamy boldy. Bu iş hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alyp barýan strategik ugruna laýyklykda amala aşyrylýar.
Hytaýda bolan wagtynda türkmen hünärmenleri uniwersitetiň okuw we ylmy-barlag infrastrukturasy, şol sanda geologiýa laboratoriýalarynyň enjamlaşdyrylyşy we hünärmenleri taýýarlaýan ýöriteleşdirilen merkezler bilen tanyşdylar.
Maksatnamada akademik sapaklar göçme çäreler bilen utgaşdyryldy. Diňleýjileri gaýtadan dikeldilýän energetika pudagyndaky «LONGI Green Energy Technology» kompaniýasynyň ylmy-önümçilik bazasynda, uniwersitetiň taryhy muzeýinde boldular, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan ýeri bolan gadymy Sian şäheriniň medeni we taryhy ýerleri bilen tanyşdylar.
Okuwyň ahyrynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde bilelikdäki ylym-bilim maksatnamalaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy, şondan soň türkmen mugallymlaryna şahadatnamalar gowşuryldy.







