GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Galkynyşnebit» müdirligi ýyllyk meýilnamany 109,5 göterim berjaý etdi
28.10.2026

 «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi ýurduň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli berjaý edýär. Çeleken ýarym adasynda iş alyp barýan kärhananyň hünärmenleri hemişelik Bitaraplygyň 31 ýyllyk baýramçylygyna uly zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berdi.

Şu ýylyň başyndan bäri müdirlik tarapyndan 367,1 müň tonna nebit çykarmak göz öňünde tutulan hem bolsa, hünärmenler bu görkezijini 402,1 müň tonna geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, bellenilen meýilnama 109,5 göterim berjaý edildi.

Häzirki wagtda kärhananyň hünärmenleri burawlaýjylardan kabul edilip alnan täze iki sany nebitli guýyny senagat taýdan özleşdirmek işlerini ýokary depginde dowam etdirýärler. Häzirki zaman enjamlaryny netijeli ulanýan Hazar ýakasynyň nebitçileri zähmet üstünlikleriniň dowam etjekdigini bellemek bilen, döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur minnetdarlyk bildirýärler.