GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazyna uly isleg bildirildi
28.10.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 27-nji oktýabrda geçirilen birža söwdalarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen umumy bahasy 644 müň 200 ABŞ dollaryna deň bolan 3 sany şertnama baglaşyldy. Geleşikleriň çäginde Owganystanyň, Gruziýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlary «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary tarapyndan öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Geçirilen söwdalaşyklar ýurdumyzyň energetika pudagynyň önümlerine daşarky bazarda bolan uly islegi ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Geleşikleriň esasy bölegi sebitiň we Ýakyn Gündogaryň iri sarp edijileriniň gatnaşmagynda amala aşyrylyp, milli sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň barha giňeýändigini tassyklaýar.

Döwlet haryt-çig mal biržasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmakda we milli önümleri halkara bazarlaryna çykarmakda esasy meýdança bolup hyzmat etmegini dowam etdirýär. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatynyň kämilleşdirilmegi bolsa daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.