Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 23-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna, şol sanda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, şeýle hem nebitgaz we oba hojalyk pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly möhüm meselelere seredildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Mejlisde milli parlamentiň halkara hyzmatdaşlygy hem-de birnäçe Kanunlara üýtgetmeler girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Şeýle hem ýurdumyzda öňdebaryjy halkara standartlary ornaşdyrmak, «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we raýat awiasiýasy pudagynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanan teklipdir resminamalaryň taslamalary makullandy.
Oba hojalygynda pagta ýygymy we bugdaý ekişi möwsümini guramaçylykly geçirmek, gurluşyk, senagat hem-de dokma pudaklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen halkara sergilere we forumlara taýýarlyk görlüşi barada hasabatlar diňlenildi. Şeýle-den «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» V halkara teatr festiwalyny hem-de zähmet standartlary boýunça sebitara forumyny geçirmäge taýýarlyk görülýändigi bellenildi.
Mejlisiň soňunda TürkmenistanyňPrezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümet agzalaryny we Türkmenistanyň halkyny ýetip gelýän Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza şanly sene mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.







