GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda we beýleki ýurtlarda «Dragon Oil» nebit çykarylyşyny 2030-njy ýyla çenli gije-gündizde 200 müň barrele ýetirmegi maksat edinýär
22.10.2026

«Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Al-Maazmi «Türkmenistanyň nebiti we gazy» 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde (OGT 2026) çykyş edip, kompaniýanyň strategik maksadynyň 2030-njy ýyla çenli gije-gündizde 200 müň barrel nebit ekwiwalentine («Dragon Oil» kompaniýasynyň paýy, netto) ýetmekdigini mälim etdi. Kompaniýa şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti we «Türkmennebit» döwlet konserni bilen hyzmatdaşlygy 2035-nji ýyldan soň uzaltmak hakyndaky ylalaşygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Bu maksadyň çäginde bar bolan aktiwleriň mundan beýläk özleşdirilmegi, täze maýa goýumlary we maksatly sebitlerde strategik satyn almalar gije-gündizde azyndan 50 müň barrel goşmaça nebit ekwiwalentini üpjün etmelidir.

Bellenilişi ýaly, «Dragon Oil» kompaniýasynyň Türkmenistandaky işi 2000-nji ýylyň maý aýynda, ýagny 26 ýyl mundan ozal Hazar deňzindäki «Çeleken» şertnamalaýyn çäginiň özleşdirilmegi bilen başlandy. Şol döwrüň dowamynda maýa goýumlarynyň möçberi takmynan 12 milliard ABŞ dollaryny düzdi, jemi çykarylan nebitiň möçberi 490 million barrelden geçdi. Serişdeler deňizde burawlamaga, nebit çykaryjy desgalara, turbageçirijilere, infrastruktura we gatlaklary özleşdirmäge gönükdirildi.

Kompaniýanyň Türkmenistanda takmynan 2200 işgäri işleýär, olaryň 93%-ini Türkmenistanyň raýatlary düzýär. «Dragon Oil» saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we ýerli jemgyýetleri ösdürmek ugurlarynda korporatiw jemgyýetçilik jogapkärçiligi boýunça 200-den gowrak taslamany goldady. Ulanylýan tehnologiýalardan emeli aň esasynda deňiz flotuny optimallaşdyrmak, çaklaýjy tehniki hyzmat, dronlaryň kömegi bilen barlag geçirmek we guýunyň içindäki işleriň döwrebap usullary agzaldy.

Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, 2025-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy nebiti hasaba almazdan 1,7 milliard ABŞ dollaryny düzdi.

«Dragon Oil» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdulkarim Al-Maazmi maslahatda çykyş edip, çärýek asyrdan gowrak wagtlap dowam edýän hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň Hökümetine, OGT guramaçylaryna we «Türkmennebit» döwlet konsernine minnetdarlyk bildirdi hem-de kompaniýanyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.