GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
XRG kompaniýasy «Blok-1» taslamasy arkaly Türkmenistana göni maýa goýumlary ýola goýdy
22.10.2026

ADNOC-yň golçur kompaniýasy XRG-niň wekili Abdulla Al Şamsi 21-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) halkara maslahatynyň we sergisiniň umumy mejlisinde çykyş etdi.

Abdulla Al Şamsi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk we minnetdarlyk bildirdi.

Abdulla Al Şamsi Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň köp ýyllap ösendigini, indi bolsa täze tapgyra çykyp, köpýyllyk hyzmatdaşlykdan «Blok-1» (Offshore Block 1) deňiz gaz-kondensat känini özleşdirmek taslamasyna gatnaşmak arkaly göni maýa goýumlaryna geçendigini belledi. Onuň sözlerine görä, bu taslama sebitleýin özara gatnaşyklaryň we halkara hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar: onda Türkmenistanyň baýlyklary we milli institutlary, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň we Malaýziýanyň hyzmatdaşlarynyň mümkinçilikleri we uzak möhletleýin borçnamalary, ýerli bilimler, halkara tejribe, jogapkärli maýa goýumlary, infrastruktura we bazarlara elýeterlilik utgaşýar. Kompaniýa Türkmenistanda beýleki ösüş taslamalaryna hem umyt baglaýar.

Ol XRG-niň dünýä derejesinde utgaşdyrylan gaz portfelini emele getirýändigini, bu portfeliň ýokary hilli baýlyklary esasy bazarlarda artýan isleg bilen baglanyşdyrýandygyny gürrüň berdi. Şu ýyl kompaniýa dünýäniň dürli ýurtlarynda iri maýa goýum taslamalaryny ilerletdi we gaz pudagynda gymmatlyk döretmek zynjyrynyň ähli bogunlarynda öňdebaryjy milli we halkara kompaniýalar bilen bilelikde maýa goýýar. Çykyş edeniň sözlerine görä, kompaniýanyň dünýä möçberindäki meýilnamalarynda Türkmenistana möhüm orun berilýär.

Abdulla Al Şamsi Türkmenistany XRG-niň ösüş strategiýasynyň merkezi düzüm bölegi diýip atlandyryp, dünýä derejesindäki baýlyk binýadyna, Hazar sebitindäki strategik ýerleşişine we uzak möhletli ösüşiň ep-esli mümkinçiligine ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, kompaniýa hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu baýlyklary infrastruktura, alyjylar we bazarlar bilen baglanyşdyrmaga kömek edip, Türkmenistanyň energetika meýilnamalaryny goldap biler.

Abdulla Al Şamsi hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkmenistanyň özara hormata, ýakyn gepleşiklere we ösüşe bolan umumy ymtylyşa daýanýan berk köpýyllyk gatnaşyklaryny görkezdi. Ol ADNOC-yň we XRG-niň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda maýa goýmagy dowam etdirjekdigini mälim etdi.