GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Robot ALI Aşgabatda OGT 2026 sergisiniň myhmanlaryny garşylady
21.10.2026

Aşgabatda geçirilýän OGT 2026 sergisinde myhmanlary adamşekilli ALI roboty garşylady. Guramaçylaryň sözlerine görä, ol sergi maksatnamasyna gatnaşyjylara energetika pudagynda döwrebap akylly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini görkezmek üçin goşuldy.

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde emeli aň tehnologiýalary esasynda işleýän Unitree G1 gumanoid roboty hödürlenildi. ALI (Artificial Learning & Intelligence) ady bilen çykyş edýän robot forumyň gatnaşyjylaryna we myhmanlaryna döwrebap intellektual ulgamlaryň mümkinçiliklerini görkezýär. Onuň hödürlenilişi energetika pudagynda sanlaşdyrmagyň, awtomatlaşdyrmagyň we emeli aň esasyndaky innowasion çözgütleriň barha artýan ähmiýetini şöhlelendirýär. Unitree G1 hytaý kompaniýasy Unitree Robotics tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmäge, dürli obýektler bilen özara täsirleşmäge we emeli aň tehnologiýalary arkaly öwrenmäge ukyplydyr.

Unitree G1 gumanoid roboty daş-töwerek bilen awtonom özara täsirleşmek üçin döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň boýy takmynan 132 santimetr, agramy akkumulýatory bilen birlikde takmynan 35 kilogram. Toplumlaşdyrylyşyna baglylykda robotyň 23-den 43-e çenli bogun hereketlendirijisi bar, ol 8 ýadroly prosessor, çuňluk kamerasy we giňişligi derňemek üçin 3D LiDAR datçigi bilen enjamlaşdyrylandyr, şeýle hem Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.2 simsiz tehnologiýalaryny goldaýar. Enjamyň awtonom işleýiş dowamlylygy takmynan iki sagat. Hereketleri dolandyrmak we güýç gözegçiligi ulgamynyň netijesinde Unitree G1 obýektler bilen dürli manipulýasiýalary ýerine ýetirip bilýär, maşyn öwrenişi algoritmleriniň ulanylmagy bolsa oňa hereketlerini kämilleşdirmäge we has çylşyrymly meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.

OGT 2026 sergisi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 23-nji oktýabra çenli dowam eder.