GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda geçirilýän «OGT 2026» sergisinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň diwarlygy görkezilýär
21.10.2026

21-nji oktýabrda Aşgabatda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde myhmanlaryň hem-de gatnaşyjylaryň dykgatyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň ekspozisiýasy hödürlenildi.

Konserniň iki gatly diwarlygy hyzmatdaşlar bilen işewürlik duşuşyklaryny we gepleşikleri geçirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Ikinji gatda gepleşikleri geçirmek üçin ýörite zolak enjamlaşdyryldy. Birinji gatda bolsa «Türkmennebitiň» wekilleri myhmanlary garşylaýarlar, olary konserniň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Konserniň esasy taslamalary ekranlarda aýdyň görkezilýär. Girişiň ýokarsynda senagat toplumynyň panoramasy, birinji gatda bolsa ýurduň nebit pudagynyň işi barada gürrüň berýän interaktiw çyzgy görkezilýär.

Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ol 30-dan gowrak ygtyýarnama toplumyna (bloklara) bölünendir. Häzirki wagtda deňiz ýalpaklygynda Önümi paýlaşmak hakynda şertnamalaryň esasynda «Dragon Oil», «PETRONAS» we «ADNOC» kompaniýalary üstünlikli işleýärler. 2026-njy ýylyň iýunynda «PETRONAS Carigali» kompaniýasynyň we «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň gatnaşmagynda 19-njy we 20-nji toplumlary boýunça Önümi paýlaşmak hakynda şertnama gol çekildi.

Halkara forum 23-nji oktýabra çenli dowam eder.