Hytaýyň Sinopec milli nebit kompaniýasynyň düzümine girýän kompaniýa Türkmenistanda wekilhanany we eltilip berlen tehnikalara hyzmat etmek üçin hyzmat merkezini döretmegi maksat edinýär. Bu barada kompaniýanyň wekili Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly 31-nji halkara sergisinde beren interwýusynda gürrüň berdi.
Bellenilişi ýaly, kärhana nebit enjamlaryny, şol sanda burawlaýyş enjamlaryny we nebit-gaz çykarmak üçin enjamlary öndürýär. Kompaniýanyň wekiliniň sözlerine görä, kärhananyň ýyllyk dolanyşygy 100 burawlaýyş desgasyna barabardyr. Önümleriň hataryna guýulary düýpli abatlamak üçin desgalar, gatlaklary gidrawliki taýdan ýarmak, koltýubing işleri we guýulary söndürmezden abatlamak üçin enjamlar hem girýär.
Kompaniýa Türkmenistana önüm ibermäge 1998-nji ýylda başlady. Şondan bäri dürli görnüşli enjamlaryň 300 toplumy eltilip berildi. Kompaniýanyň wekiliniň belleýşi ýaly, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.
Onuň sözlerine görä, sergä gatnaşmakdan maksat bu kärhanalar bilen aragatnaşyklary pugtalandyrmakdan, şeýle hem täze hyzmatdaşlar bilen tanyşmakdan ybaratdyr.







