GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
24.09.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri barada Karara gol çekdi. Baýraklar ýurdumyzyň gazananlary, taryhy we milli gymmatlyklary barada döredilen kämil eserler üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli berildi.

Iň gowy goşgulardan, poemalardan, hekaýalardan we terjimelerden başlap, iň gowy kinofilmlere, sahna oýunlaryna, aýdym-saz eserlerine, şeýle hem şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerine çenli on iki ugur boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri jemi 68 adam we dokuz döredijilik topary boldy. Ýeňijileriň hatarynda gazetleriň hem-de teleradioýaýlymlarynyň žurnalistleri, ýokary okuw mekdepleriniň we mekdepleriň mugallymlary, konserwatoriýanyň hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary, teatrlaryň we ansambllaryň artistleri, harby sazandalar, IIM-niň ofiseri, Döwlet serhet gullugynyň işgäri, gaz pudagynyň işgärleri we başgalar bar.

Şahsy ýeňijileriň her birine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 manat pul baýragy gowşuryldy. Iň gowy diýlip ykrar edilen döredijilik toparlaryna 10500 manatdan berildi.

Uzynlygy 12 metr, ini 23 metr bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen halyny dokan «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň topary aýratyn bellenildi. Bu halynyň döredilmeginde 84 ussat halyçy zähmet çekdi, topar bolsa bäsleşikde iň uly baýrak bolan 58800 manat pul baýragyna mynasyp boldy.

Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna şu Kararyň birinji böleginde görkezilen baýraklar üçin jemi 380 800 (üç ýüz segsen müň sekiz ýüz) manat möçberdäki pul serişdelerini Türkmenistanyň Prezidentiniň Haýyr-sahawat gaznasyndan tölemek tabşyryldy.