Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.
Permanda bellenilişi ýaly, geçen otuz bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, kanunçylygy berkitmekde, ýurduň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk hem-de beýleki pudaklarda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde saldamly goşant goşan raýatlar hormat-sylaga mynasyp diýlip ykrar edildi.
Permana laýyklykda, Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen 41 raýat sylaglandy. Olaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankyň, nebitgaz, energetika, himiýa, ulag, aragatnaşyk, oba hojalyk, dokma pudaklarynyň, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, teatr işgärleri, telekeçiler bar.
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen birnäçe ýüz raýat sylaglandy. Olaryň hatarynda Aşgabat, Arkadag şäherlerinden we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň, ylmyň, medeniýetiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň diýen ýaly ähli pudaklarynyň wekilleri, diplomatlar, Mejlisiň deputatlary, telekeçiler bar.
Türkmenistanyň hormatly atlaryna 38 raýat mynasyp boldy. Olaryň dördüsine «Türkmenistanyň halk artisti», bir adama «Türkmenistanyň halk suratkeşi», ýene bir adama «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen hormatly at dakyldy. Hormatly atlara mynasyp bolanlaryň arasynda şeýle hem senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, oba hojalyk, saglygy goraýyş, medeniýet işgärleri, artistler, žurnalistler hem-de Hökümet awiasiýa toparynyň iki uçarmany bar.







