Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda «Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama ahalteke bedewlerini türkmen halkynyň milli gymmatlygy hökmünde goramagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de gol çekilen pursadyndan güýje girýär.
Resminama görä, her bir ahalteke bedew aty hökmany suratda döwlet tarapyndan hasaba alynmaga degişli bolup, ol barada maglumatlar Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilýär. Türkmenistanyň çäginde ahalteke tohum atlary çiplener, olaryň gelip çykyşyny tassyklamak üçin bolsa genetiki barlaglar geçiriler; maglumatlar sanly maglumat binýadyna giriziler. Hasaba alnyş tertibini atçylyk babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy kesgitleýär.
Kanun ahalteke bedew atlarynyň şejere ugurlarynyň we arassa ganlylygynyň saklanmagyna kepillik berýär. Kanunda aýratyn bellenilişi ýaly, gartaşan, şikes alan ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli atly sport ýaryşlaryna, seçgi-tohumçylyk işlerine we medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşmagyny bes eden ahalteke bedew atlary hem döwletiň goragynda galýar. Şeýle atlar barada maglumatlaryň üýtgedilmegine, olaryň esassyz hasapdan çykarylmagyna we Döwlet tohumçylyk kitabyndan aýrylmagyna ýol berilmeýär.
Resminamada şeýle hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň döwlet tarapyndan goralmagy, şeýle-de atlary ösdürip ýetişdirmegiň we seýislemegiň däp bolan usullaryny saklaýan ussat çapyksuwarlara hem-de atşynaslara goldaw berilmegi göz öňünde tutulýar.
Halkara hyzmatdaşlyk babatda Kanun ahalteke bedew atlarynyň taryhy Watany hökmünde Türkmenistanyň olaryň arassa ganlylygyny Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy bilen bilelikde tassyklamakdaky, şejere maglumatlaryny barlamakdaky, şeýle hem dünýäniň arassa ganly ahalteke bedew atlarynyň halkara tohumçylyk kitabyny (Studbuk) döretmekdäki roluny berkidýär.
Kanunda göz öňünde tutulan çäreler Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, býujetden daşary serişdeleriň hem-de kanunçylykda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdiriler.







