GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň ilçisi Pakistan bilen ulag-energetika gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada aýtdy
21.09.2026

Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçisi Atajan Möwlamow Lahor Söwda-senagat edarasy (LCCI) tarapyndan Pakistan Yslam Respublikasynda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçileri üçin gurnalan çäresine Baş myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmen diplomaty diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň adyndan çykyş edip, çäräni gurnaýjylara myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Penjab welaýatynyň we Lahor şäheriniň işewürler jemgyýetiniň eksporty ösdürmäge, maýa goýumlary çekmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşýan goşandygyny belledi.

Türkmenistanyň sebit syýasaty barada durup geçip, ol ýurduň hökümet ýolbaşçylarynyň sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmaga, şol sanda sebit ýurtlarynyň arasynda ulag-aragatnaşyk ugurlaryny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylan bitewi üstaşyr we energetika geçelgesini döretmek, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan TOP taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Atajan Möwlamow şu ýyl Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň strategiki ähmiýetli Serhetabat–Hyrat böleginiň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýändigini belläp, munuň 2027-nji ýylda Owganystana tebigy gazyň akdyrylyp başlamagy üçin zerur şertleri döretjekdigini aýtdy. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitde has arassa energiýanyň ygtybarly üpjünçiligini ýola goýmaga, şol bir wagtyň özünde Pakistanyň senagat kuwwatyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge we durnukly ykdysady ösüşe goldaw berjekdigini aýtdy.

Şeýle hem, Atajan Möwlamow dünýäniň beýleki ýurtlary ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň hem Pakistan bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ulag-üstaşyr ugurlaryny kämilleşdirmäge we uzak möhletleýin, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge barha artýan gyzyklanmasyna hem ünsi çekdi.

Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi bu çäräniň Pakistan bilen halkara işewürler jemgyýetiniň arasynda has ýakyn gatnaşyklary we anyk hyzmatdaşlyk ugurlaryny ýola goýmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.