Turkmen Energy Forum-yň direktory Nazar Atajanow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismet Gozalow bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar halkara sergileri we maslahatlary guramakda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdy. Şunda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň dünýä energetika pudagynda gepleşikleri pugtalandyrmak hem-de täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin meýdança hökmündäki ornuna aýratyn orun berildi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi Aşgabatda 21-23-nji oktýabrda geçiriler we dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini, maýadarlary, tehnologiýa üpjün edijileri, şeýle hem maliýe guramalaryny bir ýere jemlär.







