2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly Türkmenistandan we Gazagystandan 3 million 28 müň 500 tonna nebit geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, «Biznes Türkmenistan» internet saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, bu möçber şol döwürde turba geçiriji arkaly daşalan nebitiň umumy mukdarynyň 18,1 göterimini düzdi. Ýanwar–awgust aýlarynda Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisi arkaly jemi 16 million 746 müň tonna nebit geçirildi, onuň 13 million 717 müň 400 tonnasy ýa-da 81,9 göterimi Azerbaýjanda çykarylan nebitiň paýyna düşdi.
Baku–Tbilisi–Jeýhan turba geçirijisiniň uzynlygy 1768 kilometre barabardyr. Ol Hazar deňzinde çykarylýan nebiti Azerbaýjanyň paýtagty Bakudan Gruziýanyň çäginiň üsti bilen Türkiýäniň Ortaýer deňziniň kenaryndaky Jeýhan portuna çenli daşaýar.







