GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň öňüsyrasynda energetikanyň geljegi boýunça pikir alşylar
04.09.2026

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli tegelek stol maslahaty geçiriler.

«Ygtybarly, elýeterli we durnukly energetika: halkara hyzmatdaşlygyň esasynda Durnukly ösüşiň 7-nji maksadyny ilerletmek» atly ýokary derejeli tegelek stoluň dowamynda ygtybarly, elýeterli we durnukly energetikanyň Durnukly ösüşiň 7-nji maksadyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti, ykdysady ösüşe ýardam bermegi, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy hem-de daşky gurşawy goramak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem tebigy gazyň orny, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de durnukly energetiki geljegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berler.

Tegelek stolda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaozsýun Greýs Wan, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howa meseleleri boýunça geňeşçisi Magtymguly Akmyradow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Sahakýan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy, ilçi William Lif hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy Wladimir Waletka çykyş ederler.