Türkmenistanda her ýylyň 1-nji sentýabrynda «Bilimler we talyp ýaşlar» gününiň dabarasy belende göterilýär. Bu günde bilim basgançagyna täze gadam basan körpelerimiziň, talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak, kalbynda orun alan arzuwynyň şatlygy bolup baky ýaňlanýar. Ynsan kalbyndaky mukaddes Watanyňa bolan söýgi, mähir bilen gurşalýar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Bilim daragty meýdançasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Mugallymlaryň we talyplaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy. Uniwersitetiň 1-nji ýyl talyplaryna talyplyk şahadatnamalary gowşuryldy. Dabaranyň dowamynda uniwersitetiň «Gara altyn» çeper höwesjeňler toparynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Soňra, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyna tagzym edip, talyp ýaşlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar.







