GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpine Tibetde bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi
28.08.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Tibet awtonom sebitinde bolup geçen, pajygaly netijelere getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.