26-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen toparlarynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler gazhimiýa, ulag, aýlawly ykdysadyýet we beýleki ugurlardaky taslamalaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine seretdiler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça toparlaryň bilelikdäki mejlisiniň işiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalary taýýarlyk boýunça ylalaşyklar gazanyldy.







