GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
«Nebit-gaz» gazeti: energetika baradaky maglumatlaryň ygtybarly çeşmesi hökmünde 15 ýyl
26.08.2026

Şu ýyl 2011-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Nebit-gaz» gazetiniň döredilenine şu ýyl 15 ýyl dolýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň howandarlygynda neşir edilýän bu gazet geçen döwrüň içinde ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň metbugat aýnasyna hem-de nebitgaz we geologiýa pudagynyň hakyky ýylýazgysyna öwrüldi.

Neşir geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistan — Hytaý we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijileriniň gurluşygy, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, Türkmenbaşydaky hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň döwrebaplaşdyrylyşy, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi ýaly iri strategik taslamalary yzygiderli beýan edip geldi. Gazet diňe bir önümçilik we geologiýa üstünliklerini däl, eýsem, «ýaşyl» energetika, metan zyňyndylaryny azaltmak hem-de wodorod energetikasy ýaly innowasion ugurlary hem giňden wagyz edýär.

Gazetiň sanly çözgütlere geçmegi we elektron görnüşiniň ösdürilmegi neşiri halkara energetika bilermenleri hem-de giň okyjylar köpçüligi üçin has-da elýeterli etdi. Saýtda onlaýn tertipde iň soňky täzelikler, strategik şertnamalar we möhüm tender bildirişleri paýlaşylýar.

Neşir önümçilik temasy bilen bir hatarda medeniýet, sungat, ylym we sanly ulgam baradaky makalalary, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine hödürlenýän eserleri yzygiderli çap edýär. Ýylyň başyndan bäri yglan edilen döredijilik bäsleşikleri dowam edip, gazet geljekde hem ýurduň ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalary okyjylara ynamly ýetirmegini dowam eder.