Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda millilik we döwrebaplyk bilen utgaşýan beýik özgerişlikler döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, nebitgaz ulgamynda-da uly üstünlikler gazanylýar. Bu ugurda iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynda iş alyp barýan kärhanalary Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlygyň çäklerinde öz işlerini netijeli guraýarlar.
Önümçilik kuwwaty we kämilleşdiriş işleri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat şäherindäki Abatlaýyş-mehaniki zawody nebitgaz senagatynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär.
Häzirki wagtda zawodyň nebitgaz senagat we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş, bug-gazan, mehaniki, metal guýujy we rezin önümleri sehlerinde dürli maksatly enjamlaryň 100-den gowragy jemlenen. Bu bolsa kärhananyň hyzmat ediş çäginiň giňdiginden hem-de ýokary hilli önümçilik mümkinçiliklerinden habar berýär. Ussat hünärmenler ile geologiýa-gözleg işlerinde peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara täze ömür berýärler.
Halypa-şägirtlik mekdebi we zähmet üstünlikleri
Kärhanada zähmet çekýänleriň agramly bölegini ýaşlar düzýär. Zawodda halypalara uly sarpa goýlup, halypa-şägirtlik mekdebiniň durnukly dowam etdirilmegi gazanylýar. Halypalar öz şägirtlerine kärin inçe syrlaryny öwredip, olaryň ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly goşant goşýarlar.
Önümçilikde beýlekilere görelde bolýan halypalaryň arasynda:
- Baýmuhammet Taganow — baş mehanik;
- Dawut Taçmämmedow — rezin önümçiliginiň uly ussasy;
- Nurgeldi Güýçgeldiýew — mehaniki sehiň uly ussasy;
- Muhammet Baýramalyýew — merkezi nasos meýdançasynyň uly ussasy;
- Gurbantagan Garaýew — çuň nasos meýdançasynyň uly ussasy.
«Kärhanamyzyň tokarlarynyň, frezerleriniň, dürli usulda kebşirleýjileriniň, slesarlarynyň, metallary hem-de erginleri guýujylarynyň we demirçi ussalarynyň ýerine ýetirýän işleriniň her biri ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýär. Hünärmenlerimiz öz halal zähmeti bilen ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanmagyna buýsanç bilen mynasyp goşant goşýarlar» — diýip, zawodyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Bagtygül Mämmedowa belledi.
Zähmetkeşler baradaky alada
Kärhanada zähmet çekýän işgärleriň saglygyny berkitmek we netijeli dynç alşyny guramak üçin hem ähli amatly şertler döredilen. Işgärler zähmet rugsady döwründe ýeňillikli bahadan Balkanabat şäherindäki «Nebitçi» şypahanasynda we ýurdumyzyň beýleki sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminde bolsa olaryň çagalary Hazar deňziniň kenaryndaky «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtlaryny şat we peýdaly geçirýärler.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti







