GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Altyn we kümüş: türkmen küştçüsiniň Aziýa çempionatyndaky üstünligi
25.08.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Lala Şöhradowa sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdi. Ol 1 altyn hem-de 1 kümüş medallary gazandy.

Ýaryş Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäherinde geçirilip, Aziýa ýurdtlaryndan 200-e golaý gatnaşyjyny bir ýere jemledi.

Bu üstünlikler Türkmenistanda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.