GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan we PETRONAS hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
21.08.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçylary bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory ýokary okuw jaýynyň düzümi, geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary hem-de uniwersitetiň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrdy.

Şunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar barada onlaýn sapaklaryň geçirilýändigi, ýokary okuw jaýynyň talyplarynyň Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde tomusky önümçilik tejribeliklerine yzygiderli gatnaşýandyklary barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnama ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek boýunça dördünji Ähtnama bolup durýar.

«PETRONAS» kompaniýasynyň Bilim we adam kapitalyna maýa goýumlary boýunça Baş direktory Akmal Niza Ahmad «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Malaýziýada we Aziýada inžener ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygyny belläp, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi. Ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyga gyzyklanma bildirip, bilelikde ylmy temalar boýunça ylmy işleri alyp barmaklygy, ylmy makalalary ýazmaklygy we olary halkara indekslenýän ylmy žurnallarda çap etmeklikde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çagyrdy. Wekil Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde nebitgaz, geologiýa, himiýa tehnologiýasy we sanly ulgam boýunça Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň onlaýn we gatnaşylyp geçirilýän okuwlarynyň dowam etdiriljekdigini aýtdy.