«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy «The Investor» halkara neşiriň global redaksion direktory Leandro Slowinski bilen söhbetdeş boldy. Slowinski halkara maýadarlaryň Türkmenistana bolan garaýşynyň nähili özgerýändigi barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, daşary ýurtly maýadarlaryň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy adaty energetika gün tertibiniň çäklerinden çykyp, infrastruktura, senagat, logistika, önümçilik, sanlylaşdyrmak hem-de hususy pudagy ösdürmek ugurlaryna hem ýaýraýar.
Leandro Slowinski Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda halkara derejede ilkinji nobatda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen tanalandygyny, ýöne häzirki wagtda bu garaýşyň düýpli giňelýändigini belledi. Ol «The Investor» neşiriniň 2025-nji ýylda Türkmenistana bagyşlanan ýörite sanynyň halkara okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredendigini ýatlatdy. Şu günler redaksiýa Türkmenistan barada täze ýörite san taýýarlaýar.
Leandro Slowinskiniň aýtmagyna görä, halkara maýadarlar üçin hyzmatdaşlygyň yzygiderliligi hem-de durnuklylygy aýratyn ähmiýete eýedir. Ol mysal hökmünde Türkmenistanyň «CNPC» kompaniýasy bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny hem-de «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işiniň 30 ýyllygyny getirdi. Leandro Slowinski şeýle hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň aýry-aýry taslamalaryň çäginden has giňdigini belledi. Munuň özi iri halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, yzygiderli ösdürmek hem-de onlarça ýyllaryň dowamynda dowam etdirmek başarnygyny görkezýär.
Slowinskiniň pikirine görä, şu ýylyň aprelinde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň durmuşa geçirilip başlanmagy Türkmenistanyň energetika toplumynyň yzygiderli ösüşiniň ýene bir möhüm subutnamasy boldy. Täze tapgyrda ulanyş guýularynyň hem-de ýyllyk kuwwaty 10 milliard kub metr harytlyk gaz bolan desganyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Taslama doly durmuşa geçirilenden soň, müňden gowrak hemişelik iş ornunyň dörediljekdigine garaşylýar. «Institusional maýadarlar mahabat häsiýetli beýanatlara däl-de, uzak möhletleýin ösüş ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ykdysady durnuklylygyň anyk subutnamalaryna esaslanýarlar» diýip, Leandro Slowinski aýtdy.
Leandro Slowinski Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini halkara jemgyýetçiliginiň barha uly ünsüni özüne çekýän ýene bir taslama diýip atlandyrdy. 2026-njy ýylda gaz geçirijiniň Owganystanyň çäginden geçýän böleginiň gurluşygynda düýpli öňegidişlik gazanyldy: Owganystanyň Magdan senagaty we nebit önümleri ministrliginiň iýul aýy boýunça beren maglumatlaryna görä, 101 kilometr gaz geçirijisi çekildi, şeýle hem taslama boýunça 126 kilometr geçelge taýýarlanyldy. Leandro Slowinskiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ähmiýeti diňe gazyň iberilmegi bilen çäklenmeýär: iri serhetüsti infrastrukturanyň döredilmegi senagaty, elektroenergetikany, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek hem-de sebit söwdasyny giňeltmek üçin goşmaça şertleri emele getirip biler. Taslamanyň özi bolsa Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýany baglanyşdyrýan has giň gerimli ykdysady geçelgäniň bölegine öwrülip biler. Slowinski taslamanyň meýilleşdiriş tapgyryndan iş ýüzünde amala aşyrylmaga geçmeginiň halkara maýadarlar üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Kemala gelýän täze maýa goýum gün tertibi şu ýylyň 21 — 23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly XXXI halkara maslahatyň hem-de serginiň (OGT) möhüm ugurlarynyň biri bolar. Ozal hem OGT forumyna gatnaşan Leandro Slowinski ony sebitde ähmiýeti barha artýan halkara meýdança hökmünde häsiýetlendirdi. «OGT sebitiň döwlet düzümleriniň wekillerini, halkara energetika kompaniýalaryny, maýadarlary, maliýe institutlaryny hem-de tehnologiýa üpjün edijileri birleşdirýän öňdebaryjy energetika meýdançalarynyň biri hökmündäki statusyny berkitdi» diýip, ol belledi. OGT-2026-nyň maksatnamasynda maýa goýumlara, infrastruktura, energiýa serişdeleriniň täze eksport ugurlaryna, tebigy gazy monetizasiýalaşdyrmaga hem-de nebitgazhimiýa pudagyny ösdürmäge, metan zyňyndylaryny azaltmaga, şeýle hem energetika ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrýan döwrebap tehnologiýalara aýratyn üns beriler. OGT-niň öňki, ýubileý forumy 70-den gowrak ýurtdan gelen 1400-den gowrak wekili bir ýere jemledi.







