GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda nebithimiýa we oba hojalyk önümlerini ýerlemek boýunça geleşikler baglaşyldy
30.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 29-njy iýulda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda nebitgaz toplumynyň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. 
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri türkmen işewürlerinden pagta süýümini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 000 000 manat 2 982 750 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.