GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi
19.09.2026

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisde Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Zähmet, Maşgala, Sanitariýa kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, şeýle hem hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary bilen, Türkmen-moldowan parlamentara dostluk toparynyň wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra ozal berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Wise-premýerler Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hem hödürlediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabatlary diňledi we hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine gatnaşyjylar Koreýa döwlet saparynyň we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi, Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutladylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz gutlaglar üçin mejlise gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.