18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, toparyň mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat, oba hojalyk pudaklarynda, maliýe we bank, gümrük, sanly tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek, daşky gurşawy goramak, döwlet kadastry, işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygy ýaly meseleler barada pikir alşylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biri bolup durýandygyny, ýurtlarymyzyň dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny aýdyp, toparyň türkmen böleginiň düzümi boýunça taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýer Nökerguly Atagulyýewe degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.







