28-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Odil Reno-Bassonyň we Türkmenistanyň degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçdi.







