GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda Türkmenistanyň esasy gaz taslamalaryna gönükdirilen OGT 2026 halkara maslahaty geçiriler
08.07.2026

21-23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» XXXI Halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Onuň gün tertibine ýurduň gaz pudagynyň iň iri taslamalary — «Galkynyş» ýatagyny özleşdirmek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalary durmuşa geçirmek we TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygy girer.

Guramaçylaryň bellemegine görä, döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän uzak möhletleýin strategiýa tebigy baýlyklary jogapkärli özleşdirmegi, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin şertleri döretmegi göz öňünde tutýar.

Dünýäniň iň iri ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» ýatagyny mundan beýläk-de özleşdirmek esasy taslamalaryň biri bolmagynda galýar. Ony özleşdirmegiň IV tapgyrynyň amala aşyrylmagy önümçilik kuwwatlyklaryny we düzümini giňeltmegi göz öňünde tutýar, şeýle hem EPC (Engineering, Procurement and Construction)-potratçylar, inženerçilik kompaniýalary, tehnologiýa üpjün edijiler we hyzmatdaş guramalar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Munuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalary ösdürmek, şol sanda 19-njy we 20-nji deňiz bloklary boýunça Malaýziýanyň «PETRONAS» nebit-gaz kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hem-de goşmaça seýsmiki barlag işlerini geçirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaý gaz pudagyndaky özara gatnaşyklaryň 20 ýyllygyny, Türkmenistan we «PETRONAS» bolsa hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyny bellediler.

Gurluşygy tamamlanandan soň, sebitiň iň iri düzümleýin taslamalarynyň birine öwrüljek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy hem dowam edýär. Uglewodorodlary gazyp almagy ösdürmek bilen bir hatarda, Türkmenistan gazy gaýtadan işlemäge, nebitgaz himiýasyna, ulag infrastrukturasyna, sanly tehnologiýalara we döwrebap inženerçilik çözgütlerine maýa goýýar.

Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» XXXI Halkara maslahaty we sergisi maýa goýum mümkinçiliklerini, deňiz ýataklaryny özleşdirmegi, gazy gaýtadan işlemegi, sanly ulgama geçişi, emeli aňy ornaşdyrmagy, metan zyňyndylaryny azaltmagy we halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet düzümleriniň, milli we halkara energetika kompaniýalarynyň, maýadarlaryň, maliýe institutlarynyň, inženerçilik guramalarynyň hem-de tehnologiýa üpjün edijileriniň wekillerini adaty bolşy ýaly bir ýere jemlär.