Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde Azerbaýjan Respublikasynyň Belgiýa Patyşalygyndaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mammad Ahmadzade bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçihanasy habar berdi.
Türkmen diplomaty azerbaýjanly kärdeşini jogapkärçilikli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar däp bolan dostlukly türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekde ösüdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda strategik taýdan möhüm giňişlikde ýerleşýändigi, iki yklymyň arasynda durnukly ulag we üstaşyr baglanyşygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler Merkezi Aziýa, Hazar sebiti we Ýewropanyň arasyndaky özara baglanyşygy berkitmäge ýardam edýän ulag, logistika, energetika hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Şeýle hem söhbetdeşler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň Ýewropa Bileleşigi we onuň institutlary bilen hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmäge, dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam bermäge taýýardyklaryny mälim etdiler.







