GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Häzirki zaman tehnologiýalary Türkmenistanyň nebitgaz desgalarynyň ekologik howpsuzlygyny üpjün edýär
18.09.2026

Türkmenistanda «Galkynyş» gaz käniniň häzirki ýagdaýyna we ösüş geljegine, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki taslamalara, tebigy gazyň eksportyny täze ugurlar boýunça giňeltmäge, şeýle hem gazy gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagatyny ösdürmäge degişli döwrebap maglumatlar toplanylanda hem-de çuňňur barlaglar geçirilende, ekologiýa meselelerine uly orun berilýär.

Dünýäde pes uglerodly energetika geçilmeginiň barha çaltlaşýan şertlerinde Türkmenistan energetika strategiýasyny işjeň diwersifikasiýa edýär we halkara maýadarlara dünýäniň iň iri ýerasty gaz känleriniň biri bolan «Galkynyşy» özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryndan başlap, Gün we ýel energetikasy babatdaky taslamalara çenli giň mümkinçilikleri hödürleýär. Bu käni özleşdirmek bilen bagly ekologiýa meseleleri ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleriň esasynda hem-de önümçilige iň täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly çözülýär.

Ýurdumyzyň «Galkynyş», Döwletabat, Malaý we beýleki iri gaz känlerinde gazyň çykarylyşy, ýygnalyşy, gaýtadan işlenilişi we önümiň daşalyşy bilen bagly ähli tehnologik prosesler awtomatlaşdyrylan bolup, dispetçer nokatlary desgalaryň ygtybarly işlemegini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän elektron hem-de beýleki enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda zyýanly senagat zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berýän täze desgalar gurlup ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawody, Ahal welaýatynyň Owadandepe künjegindäki tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa EKO-93 kysymly benzin öndürýän zawod, Naýyp we Bagaja känlerindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän zawodlar, şeýle hem Malaý käninde gazy daşamak üçin niýetlenen kompressor stansiýalary bar.

Nebitgaz känleri özleşdirilende atmosfera zyňylýan metanyň mukdaryny azaltmak maksady bilen, ýurdumyzda ugurdaş gazy tutup almak, şeýle hem gaz geçirijileri, gaz paýlaýyş ulgamlaryny we içerki gaz üpjünçilik torlaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Nebitgaz känlerini gözlemek we agtarmak, özleşdirmek hem-de gaýtadan işlemek, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa uglewodorod serişdelerini daşary ýurt bazarlaryna eksport etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden — wodoroddan, Günden, suwdan, ýelden, biogazdan we beýlekilerden netijeli peýdalanmak boýunça innowasion ylmy-barlag maksatnamalary işlenip düzülýär we önümçilige ornaşdyrylýar.

Uglewodorod çig malyny ilkinji gaýtadan işlemek we arassalamak, gazy guratmak, harytlyk gaz almak, şeýle hem kükürtli wodorody gaýtadan işläp, ownuk dispersli kükürt öndürmek we ony gaplamak üçin iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar. Düzüminde kükürtli wodorod we kömürturşy gaz köp bolan känler özleşdirilende, atmosfera zyýanly zyňyndylary azaltmaga we aradan aýyrmaga aýratyn üns berilýär.

Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda ekologiýa faktoryna aýratyn üns berilýän yzygiderli toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Gazy çykarmagyň we gaýtadan işlemegiň kuwwatlyklaryny artdyrmakda, şeýle hem tebigy gazyň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa etmekde ösen tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar ulanylýar. Nebitgaz känlerini özleşdirmegiň ekologiýa taýdan howpsuz usullaryny işläp taýýarlamaga hem-de daşky gurşawy hapalanmakdan goramaga esasy ähmiýet berilýär. Munuň üçin bolsa nebiti çykarmakda tebigaty goraýyş işlerini güýçlendirmek, iň täze enjamlary we tehnologiýalary ulanmak, energiýa çykdajylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ilkinji nobatda ýel we Gün energiýasyny işjeň ösdürmek zerurdyr.

Halkara jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegine garşy alyp barýan, atmosfera zyňylýan kömürturşy gazyň mukdaryny azaltmaga we tebigy gaza bolan islegi ýokarlandyrmaga gönükdirilen göreşine dünýä energetikasynyň ösüşiniň uzak möhletleýin esasy meselesi hökmünde garalýar.

 

 

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti