Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 7-nji iýulda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toplarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem içerki bazarda birinji hilli bugdaý uny ýerlenildi.
Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri türkmen işewürleri bilen birinji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar. Türkiýeli işewürler nah mata we dokma önümlerini satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 63 430 000 manada we 1 721 211,17 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.







