Garaşsyz Döwleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş Sekretary Sergeý Lebedew Türkmenistanyň 2026-njy ýylda guramada başlyklyk etmegi barada çykyş edip, ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň ykdysady meseleleriň, şol sanda üstaşyr ulag-logistika geçelgeleriniň ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagyny şertlendirýändigini nygtady.
Bu barada Sergeý Lebedew penşenbe güni Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde Minskde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisinde aýtdy.
Başlyklyk etmegiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň hatarynda Baş sekretar energetika ulgamyny hem belläp, Türkmenistanyň nebit we gaz üpjün edijisi hökmünde möhüm ornuna ünsi çekdi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegine onuň hemişelik bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugrunyň dowamy hökmünde garalýandygyny belledi.
Türkmenistan başlyklygynyň çäginde GDA-nyň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitini kabul eder. Bu çäre 9-njy oktýabrda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.







