Geçen ýylyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işçi-hünärmenleri uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we ýokary hilli nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde aýratyn netijelilik görkezdiler. Bu döwrebap senagat kärhanasynda işleriň depgini günsaýyn ýokarlandyrylýar. Zawodlar toplumynda ähli işler bütinleý diýen ýaly awtomatlaşdyrylan usulda dolandyrylýar. Bu bolsa hünärmenlerdir işçileriň öňde goýlan meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmeklerinde örän ähmiýetlidir.
2025-nji ýylda zawodlar toplumynda turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowşan «gara altynyň» 4 million 955 müň 700 tonnasy gaýtadan işlenildi. Şeýlelikde, 107,9 göterim ösüş gazanyldy. Hususan-da, benziniň 1 million 484 müň 900 tonnasy, kerosiniň 434 müň, dizel ýangyjynyň 1 million 539 müň 800, suwuklandyrylan gazyň 124 müň 200, polipropileniň 57 müň 600, çalgy ýaglarynyň 54 müň 100, nebit bitumynyň bolsa 458 müň 400 tonnasy öndürildi.
Zawodlar toplumynyň işçi-hünärmenleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary görkezijiler bilen jemläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hyjuwly gadam basdylar.







