«Türkmennebit» Döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň jemagat hojalygy kärhanasy öz işgärleriniň çagalary üçin giň gerimli baýramçylyk çäresini gurady. Dabaraly çäre «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi.
Ýaş myhmanlar üçin A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artistleriniň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň wekilleriniň gatnaşmagynda gyzykly çykyşlar taýýarlanyldy. Çagalar Aýazbaba we Garpamyk bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar, tans oýnadylar we dürli oýunlara gatnaşdylar.
Dabaranyň ahyrynda kärhananyň kärdeşler arkalaşygy guramasy çagalara we olaryň ene-atalaryna dürli tagamlary hödürlediler.
Baýramçylyk çäresiniň her bir ýaş gatnaşyjysyna Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.







