Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Türkmenistanyň Prezidenti nebit we gaz ýataklary boýunça geologiýa gözleg, gazuw işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny belledi
11.09.2023

8-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wie-premýer B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda geçen sekiz aýda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, nebit we gaz kondensatyny çykarmak boýunça tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.

Hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 100,4 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 103,3 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 104,1 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 111,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 111,7 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem polipropilen çykarmak boýunça gazanylan görkezijiler barada aýdyldy.

Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça özleşdirilen serişdeleriň meýilnamasy 111,5 göterim berjaý edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, onuň önümçilik işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we desgalaryň doly kuwwatynda hem-de bökdençsiz işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz nebit we gaz ýataklary boýunça geologiýa gözleg, gazuw işlerini netijeli alyp barmagyň wajypdygyny belläp, ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek meselesine aýratyn ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.