Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy
09.09.2023

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, ýene-de birnäçe daşary ýurt kompaniýalary OGT-2023-e hyzmatdaşlygyny tassykladylar. Hususan-da, PEL Limited kompaniýasy OGT-2023-de altyn hyzmatdaşlygyny tassyklady. Baker Hughes bolsa — kümüş hyzmatdaş bolar. Buried Hill bürünç hyzmatdaşlygyny tassyklady.

Işewürler, maliýeçiler, bilermenler bilen bir hatarda OGT-2023 Halkara maslahatynyň işine daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem gatnaşmagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, Londonyň Imperiýa kollejine arassa energetika boýunça professor Pol Fennol wekilçilik eder. I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersitetine professor Nadežda Şewelewa wekilçilik eder.

OGT-2023 sergisinde 60-dan gowrak kompaniýa öz diwarlyklaryny hödürlemek üçin sargyt etdiler.

Türkmenistanda her ýyl geçirilýän pudaklaýyn nebitgaz forumyna taýýarlyk we hasaba alyş işleri dowam edýär.